
TERJIMEDE LEKSIK WE GRAMMATIK ÜÝTGEMELER
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde döwlet durmuşynyň ähli ugurlarynda uly özgerişler, okgunly öňegidişlikler gazanylýar. Çalt depginler bilen ösýän milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda medeniýetde, ylym, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda, syýahatçylykda döredijilikli zähmet gaýnap joşýar, tutumly işler barha rowaçlanýar, halkymyzyň bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşamagy üçin amatly şertler döredilýär. Talyp ýaşlaryň – geljekki hünärmenleriň ylymda we tehnikada oňyn tejribeleriň öň hatarynda bolmagy, iň täze tehnologiýalary ele almaga ukyply, möhüm hünär maglumatlaryndan habarly halkara derejeli ökde hünärmenler bolup ýetişmegi üçin daşary ýurt dilleriniň öwredilmegi esasy wezipeleriň hatarynda durýar.