
INŽENER UGURLY ÝOKARY HÜNÄR BILIMI EDARALARYNDA STEM USULYÝETINI ORNAŞDYRMAGYŇ AÝRATYNLYKLARY
Her bir ýurduň ösüşi hem-de geljegi şu günki ýaş nesliniň sowatlylygy, ylym-bilimi, başarnygy, edep-terbiýesi, watansöýüjiligi we hünär ussatlygy bilen baglanyşyklydyr. Şoňa görä-de, ýaşlarda tehnologik ussatlygy, sanly sowatlylygy, ylmy çemeleşme başarnygyny, ýokary ahlaklylygy hem-de inženerçilik ukyplaryny kemala getirmek bilen bagly işler inžener ugurly ýokary hünär bilimi edaralarynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli Maksatnamasynda” bilim işini halkara ülňülerine laýyklykda guramak, ýokary okuw mekdeplerini halkara derejelerine çykarmak, täze tehnologik ugurlar boýunça ýaşlary taýýarlamak, bilim edaralarynda okatmagyň innowasion usullaryny ornaşdyrmak boýunça degişli işler meýilleşdirilendir. Milli Maksatnamada 2023 – 2030-njy ýyllarda ýerine ýetirmek üçin göz öňünde tutulan “Inžener ugurly ýokary hünär bilimi edaralarynda tapgyrlaýyn STEM (Science, Technology, Engineering, Mathematics) maksatnamasy esasynda okuw işini guramak” atly çäräniň çäklerinde häzirki wagtda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň STEM usulyýetini bilim ulgamyna ornaşdyrmak boýunça Iş topary hereket edýär we ol tassyklanan Düzgünnamanyň hem-de ýol kartanyň esasynda öz işini alyp barýar. Häzirki döwürde dünýä tejribesinden belli bolşy ýaly, inženerleriň tehnologik hem-de sanly sowatlylygynyň, matematiki başarnygynyň, özbaşdak çözgütleri kabul etmek, döredijilik, guramaçylyk ukyplarynyň we düýpli ylmy garaýşynyň bolmagy esasy talaplaryň biridir. Şol sebäpli hem STEM usulyýeti boýunça durmuşa geçirilen okuw meýilnamasyny tamamlan hünärmenlere we inženerlere zähmet bazarynda uly isleg bildirilýär.