ÝOKARY OKUW MEKDEPLERINDE TÜRKMEN DILINI ÖWRETMEGIŇ USULYÝETI

ÝOKARY OKUW MEKDEPLERINDE TÜRKMEN DILINI ÖWRETMEGIŇ USULYÝETI

Häzirki döwür özüniň maglumatlar eýýamy bolmagy bilen häsiýetlendirilýär, innowasiýalar milli bilim ulgamynyň iş tejribesine ornaşdyrylýar. Munuň üçin ýurdumyzyň bilim edaralarynda sanly ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Maglumat-tehnologiýa enjamlarynyň doly we dogry işledilmegi üçin zerur bolan şertler üpjün edilýär. Täze tehnologiýalarda işlemegiň, sanlylaşdyrmagyň tejribesi iş ýüzüne ornaşdyrylýar. Bilim portalynda elektron poçta, elektron resminama, uzak aralykdan bilim almak, ylmy işler, okatmagyň elektron serişdesi, bäsleşikler, olimpiadalar, maslahatlar, forumlar, okuw kitaplary, okuw gollanmalary, sözlükler ýaly bölümler ýerleşdirilendir. Ähli amatlylyklary, mümkinçilikleri, köpugurly ýeňillikleri bolan bu portalyň ýokary okuw mekdeplerinde türkmen dilini öwretmegiň usulyýetini kämilleşdirmäge hem özboluşly täsirini ýetirýändigini bellemek ýerliklidir.