HOWA ULAGYNYŇ KÄRHANALARY ÜÇIN HÜNÄRMENLERI TAÝÝARLAMAGYŇ AÝRATYNLYKLARY

HOWA ULAGYNYŇ KÄRHANALARY ÜÇIN HÜNÄRMENLERI TAÝÝARLAMAGYŇ AÝRATYNLYKLARY

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda hem-de içeri we daşary syýasatynda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary hem-de ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde ulag ulgamyna aýratyn ähmiýet berýär. Ýurdumyz Ýewraziýa sebitiniň gatnaw ýollarynyň çatrygynda ýerleşmek bilen, halkara ýük akymlarynyň köp bölegini üstaşyr geçirýär.