TÜRKMEN MILLI WE HALKARA GÖREŞ GÖRNÜŞLERINIŇ AÝRATYNLYKLARY BARADAKY YLMY SELJERMELER

TÜRKMEN MILLI WE HALKARA GÖREŞ GÖRNÜŞLERINIŇ AÝRATYNLYKLARY BARADAKY YLMY SELJERMELER

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň kuwwatly döwlete öwrülmegi üçin, onuň medeni ösüşi, halkymyzyň bagtyýarlygy hem-de abadançylygy, jemgyýetimiziň sagdynlygy, nesillerimiziň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösüşi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda baş maksatlaryň hatarynda goýulýar. Bu ugurda kabul edilen milli maksatnamalar, toplumlaýyn özgertmeler yzygiderli hem üstünlikli amala aşyrylýar. Diňe soňky döwürde mähriban Watanymyzda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän iri sport desgalary, dürli ugurly sport toplumlary, stadionlar, sport mekdepleri, Olimpiýa şäherçesi guruldy, döwrebap sport düzümleri döredildi, halkara sportuna berilýän üns güýçlendi.