
YLMY WE DURMUŞY DÜŞÜNJELERIŇ DEREJELEÝIN GURLUŞY
Başdan geçirýän döwrümizde ylmy jemgyýetçiligiň ünsüni eýelän “innowasion ornaşdyrmalar”, “innowasion tehnologiýalar” ýaly aňlatmalaryň başlangyç pursadynyň ylmy düşünjeleri asyl manysynda düşünmek bilen bagly bolmalydygy adaty logika laýyklykdyr. Şeýle laýyklygy gazanmagyň zerurlygy, ýönekeýleşdirilende, zady (predmeti) we hadysany sözüsti (werbal) aňlatmaklyk olar barada ylmy düşünje bilen hemişe gabat gelmeýändigi bilen şertlendirilýär. Islendik söz ylmy düşünje derejesindäki mazmuny özünde jemläp bilmeýär. Başga bir tarapdan, sözüsti aňladylýan hadysa ylmy düşünje ýa-da durmuşy düşünje derejesinde bolup bilýär. Bu iki gurluşyň aýrybaşgalygy olaryň esasynda durýan jemlenilmäniň dürli-dürlüligi bilen düşündirilýär. Aslynda, “düşünje” “sözüň manysy” diýmek bilen manydaşdyr. Söze düşünje hökmünde düşünmek onuň esasynda durýan jemlenilmäni ýüze çykarmakdyr. “Adam” aňlatmasyna durmuşy we ylmy düşünje mazmunda düşünilip bilinýär. Durmuşy düşünjäniň mazmun esasynda aýdyň-hereket we aýdyň-keşp pikir jemlenmesi durýar. Şeýle nukdaýnazardan “adam” kelleli, kellä boýun arkaly birleşýän göwresinde iki el, iki aýak bolan gurluş hökmünde düşünilip bilinýär. Ylmy düşünje sowa-abstrakt pikirlenmä esaslanýan bolup, onda degişli obýektiň umumy we düýpli sypatlary şöhlelendirilýär. Bu nukdaýnazardan “adam” zähmete, pikirlenmä we sözleýşe (aragatnaşyga) ukyply janly gurluş hökmünde öňe çykýar. Bu ýerde başga bir hakykata laýyk dällik ylmy düşünjäniň diňe söz belgi tarapynyň paýhasa ornaşdyrylyp, zerurlykda gaýtadan dikeldilmegi, ýagny dilüsti-werbal shema görnüşinde galyp bilmegidir.