
ARKADAG ŞÄHERI - YLMYŇ SOŇKY GAZANANLARYNYŇ AJAÝYP NUSGASY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda halkyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlandyrylmagynyň bähbidine amala aşyrylýan beýik özgertmeleriň gerimi barha giňelýär. Türkmenistanyň welaýatlarynda, şäherlerinde we obalarynda täze binalaryň, desgalaryň gurluşyk işleri dowam etdirilýär. Beýleki ähli ulgamlar bilen bir hatarda, bilim ulgamynyň hem maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär. Ýurdumyzyň ajaýyp künjekleriniň biri - Arkadag şäheri özüniň täze ýaşaýyş-durmuş keşbi bilen dünýäni haýrana galdyrýar. Ol tutuş ýurdumyz we dünýä jemgyýetçiligi üçin nusgalykdyr.