ÝOKARY OKUW MEKDEPLERINDE IŇLIS DILINI OKATMAGYŇ NETIJELI USULLARY

ÝOKARY OKUW MEKDEPLERINDE IŇLIS DILINI OKATMAGYŇ NETIJELI USULLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe röwşen geljegimiz bolan ýaşlarda eziz Watanymyza, milli ruhy-ahlak kadalarymyza, ylym-bilime, sagdyn durmuş ýörelgelerine, zähmete söýgi döretmekde dil medeniýetiniň ähmiýeti uludyr. Köp dil bilmek şahsyýetiň jemgyýete, maşgala we durmuşyň dürli ugurlaryna gönükdirilen hereketlerini üstünlikli amala aşyrmagyň esasy guralydyr. Şahsyýetiň ýaşaýşynda sözleýiş dili-de, ýazuw dili-de uly hyzmaty ýerine ýetirýär. Şonuň üçin ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde talyplara daşary ýurt dillerini öwretmek esasy wezipeleriň hatarynda durýar.