
UMUMYBILIM BERÝÄN MEKDEPLERDE OMONIMLERI ÖWRETMEGIŇ USULYÝETI
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, hormatly Arkadagly Serdarymyzyň aýratyn tagallasy netijesinde, ýurdumyzda ýaş nesle döwrebap bilim bermek üçin ençeme uly taslamalar durmuşa geçirilýär. Nesillerimiziň dünýä derejesinde bilim almagy, dünýägaraýyşlaryny giňeltmegi döwletimiziň baş aladalarynyň biridir. Ýaşlaryň häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan baş çykarýan, giň dünýägaraýyşly, ökde hünärmenler bolup ýetişmeginde bilim ulgamynyň kämilleşdirilmeginiň möhüm orny bardyr. Şu babatda dil derslerini, aýratyn hem, ene dilini döwrebap okatmagyň usulyýetine bagly wezipeler kesgitlenendir.