
TÜRKMEN DILINDE TIRKEŞ SÖZLERIŇ BÖLEKLERINIŇ ÝERLEŞIŞ TERTIBI
Söz ýasalyşyň özboluşly bir görnüşi bolan tirkeş sözler türki dillerde giň ýaýran morfologik hadysa hasaplanýar. Sözleriň tirkeşdirilip aýdylmagyndan şeýle at alan sözler köp ýyllaryň dowamynda türkologlaryň ünsüni özüne çekip gelýär.