
TÜRKMEN WE IŇLIS DILLERINDE HABARYŇ DEGŞIRME HÄSIÝETNAMASY
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna” ynamly gadam basmagy bilen, eziz Watanymyz ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýar. Halkymyzyň agzybirligi, jebisligi, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan tutanýerli syýasatyny doly goldamagy şol belentliklere ýetmegiň, uly üstünlikleri gazanmagyň ygtybarly kepilidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe GahrymanArkadagymyzyň başlangyjy bilen başy başlanan, hormatly Arkadagly Serdarymyzyň dowam etdirýän döwlet syýasatynyň çäklerinde ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermäge, ýurduň geljekki eýeleriniň öňdebaryjy tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenler bolup ýetişmegine baş maksatlaryň biri hökmünde garalýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar Gahryman Arkadagymyzyň we döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalaryna bu günki günde döredijilikli okamak, halkara derejesinde geçirilýän dürli ders bäsleşiklerinde ýurdumyzyň abraýyna abraý goşýan üstünlikleri gazanmak bilen, mynasyp jogap berýärler. Ýurdumyzyň ylym-bilim pudagynda gysga wagtda amala aşyrylan düýpli özgertmeler, ýaş nesle berilýän bilimiň, terbiýäniň hilini dünýä derejesine ýetirmek, olaryň geljekde Watana, halka, hormatly Prezidentimize wepaly raýatlar bolup ýetişmegi üçin mizemez binýadyň döredilmegi munuň aýdyň subutnamalarydyr.