PEDAGOGIKA DEGIŞLI YLMY ADALGALARYŇ AÝRATYNLYKLARY

PEDAGOGIKA DEGIŞLI YLMY ADALGALARYŇ AÝRATYNLYKLARY

Dil jemgyýeti töwerekleýin suratlandyrýar we beýan edýär. Jemgyýetdäki islendik zat, predmet, waka, hereket, ösüş dil arkaly dünýä ýaýylýar. Dilde “umumyhalky leksika”, “edebi dil” aňlatmalaryndan başga-da, onuň “içinde ýaşaýan” kär-hünär, adalga leksikasy düşünjeleri-de bardyr. Ylmy edebiýatlarda kär-hünär leksikasynyň “ýörite leksika” diýen adalga bilen berilýän ýagdaýlaryna-da duş gelmek bolýar [7].