ZAHYREDDIN BEÝBARSYŇ MONGOLLARA GARŞY GÖREŞI

ZAHYREDDIN BEÝBARSYŇ MONGOLLARA GARŞY GÖREŞI

Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow “Medeniýet halkyň kalbydyr” atly eserinde: “Türkmen halkynyň gadymy döwürlerden bäri okamaga, öwrenmäge bolan hyjuwy, bilime bolan söýgüsi ylmyň ösmegine, mekdepleri we ýol-ýörelgeleri döreden pelsepeçileriň, taryhçylaryň nesilleriniň kemala gelmegine täsir edipdir” diýip belleýär [1, 209 s.]. Şeýle türkmen alymlarynyň biri hem, orta asyrlarda Memluk türkmen döwletinde (1250 - 1517) ýaşap geçen Jemaleddin Ýusup ibn Taňryberdidir (1410 - 1470). Onuň döreden eserleri, hususan-da, sekiz ýarym asyrlyk döwri (641 - 1468) öz içine alýan “En-nujumuz-zähira” atly eseri türkmen halkynyň taryhyny öwrenmekde gymmatly çeşmeleriň biri hasaplanylýar.