MEKDEBE ÇENLI BILIMDE MULTIMEDIA TEHNOLOGIÝALARYNDAN PEÝDALANMAGYŇ USULLARY
Giriş. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda ylym, bilim ulgamynda bimöçber işler amala aşyrylýar. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda hem berilýän bilimiň hili barha kämilleşdirilýär, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze okuw-tehnika enjamlaryny, interaktiw-multimedia we kompýuter tehnologiýalaryny, okatmagyň öňdebaryjy tejribelerini, usullaryny okuw-terbiýeçilik işlerine yzygiderli ornaşdyrmak üstünlikli alnyp barylýar. Ýurdumyzda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek, körpelere bilim we terbiýe bermegiň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, bu ulgamda degişli döwlet resminamalary kabul edilýär.