IŇLIS DILINDÄKI ARTIKLLERIŇ TÜRKMEN DILINDE AŇLADYLYŞY

IŇLIS DILINDÄKI ARTIKLLERIŇ TÜRKMEN DILINDE AŇLADYLYŞY

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ylym-bilim ulgamynda düýpli özgertmeler yzygiderli dowam etdirilýär. Dünýäniň ösen döwletleri bilen hyzmatdaşlyklar ýola goýlup, ylym-bilim ulgamyny dünýä ülňülerine laýyklykda täze belentliklere çykarmak işleri amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň: “Biz dünýäniň ähli ýurtlary we halklary üçin açykdyrys. Olar bilen söwda- ykdysady, medeni-ynsanperwer we ylym-bilim ulgamlarynda gatnaşyklary geljekde-de ösdürmegi maksat edinýäris” diýen çuň manyly sözleri geljekde Türkmenistanyň halkara abraýynyň has-da berkidiljekdiginiň subutnamasydyr [1].