ŞEKILLENDIRIŞ SUNGATYNDA TÜRKMEN TÜRGENLERINIŇ PORTRETLERI
Türkmen şekillendiriş sungatynyň uzak bolmadyk taryhy ýolunda, onuň dürli döwürlerinde köpsanly görnükli suratkeşler zähmet çekýärler. Olar öz eserlerinde şekillendiriş sungatynyň ösüş ýolunda bolan dürli çeperçilik ugurlary bilen halkyň durmuş ýagdaýlarynyň wakalaryny wasp edýärler. Şol wakalaryň içinde sport temasy wajyp orny eýeleýär. Hormatly Arkadagymyz halkymyzyň durmuşynda bedenterbiýä we sporta ünsi çekip: “Biz bedenterbiýä we sporta jemgyýetimizi jebisleşdirýän, halkymyzy beýik ösüşlere ruhlandyrýan güýç hökmünde garaýarys. Şu maksatlardan ugur alnyp, bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň, ussat türgenleri taýýarlamagyň döwlet maksatnamalary kabul edildi, toplumlaýyn özgertmelere badalga berildi. Milli maksatnamalarymyzy we özgertmelerimizi amala aşyrmagyň çäklerinde köpçülikleýin - sagaldyş hereketini, sporty has-da ösdürmäge uly möçberde maýa goýumlary gönükdirilýär” [1, 281 s.] diýmek bilen, ýurdumyzda sagdyn ýaşaýyş-durmuş ýörelgeleriniň berk binýadynyň döredilmegin-de uly işleri amala aşyrdy.