TALYP TÜRGENLERIŇ HÜNÄRE UGRUKDYRYLAN DIL TAÝÝARLYGY

TALYP TÜRGENLERIŇ HÜNÄRE UGRUKDYRYLAN DIL TAÝÝARLYGY

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, häzirki zaman şertlerinde bilim ulgamynyň dünýä ülňüleriniň kadalaryna laýyk alnyp barylmagy halkara jemgyýetçiliginiň öňünde bilim ulgamyny kämilleşdirmegem täze meselelerini goýdy. Ýaşlaryň giň dünýä garaýyşly, halkara derejesinde işlemäge ukyply, hünärine ökde, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan baş çykarýan, zähmetsöýer, Watanymyzyň barha kuwwatlanmagy ugrunda ýadawsyz zähmet çekjek nesiller bolup ýetişmeginde bilim ulgamynyň kämilleşdirilmeginiň uly orny bardyr. Bilim ulgamyny ösdürmekde, ulgamyň esasy mazmunyny ýüze çykarmakda dil derslerini kämil okatmagyň usulyýetine bagly wezipeleriň öňde durýandygy tebigydyr. Şolaryň biri-de daşary ýurt dillerini okatmagyň usulyyetiniň esasy ugurlaryny kesgitlemekdir.