TÄZE OKUW ÝYLYNA- TÄZE BADALGALAR BILEN

TÄZE OKUW ÝYLYNA- TÄZE BADALGALAR BILEN

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen bilim bermegiň usulyýeti kämilleşdirilýär, ýaş nesli milli we dünýä tejribesiniň gazananlary esasynda terbiýelemekde oňat netijelere eýe bolunýar. Mähriban Watanymyz dünýä we sebit bähbitli özgertmeler bilen, ak ertirleri nazarlap, ynamly öňe baryar. Ýurdumyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasaty halkara giňişliginde we sebit möçberinde belent ähmiýetliligi bilen häsiýetlendirilýär. Bilim ulgamynda halkara gatnaşyklary işjeňleşdirilyär, milli çäklerde bilimiň dünýä ülňülerine laýyk getirilen täze usulyyet esaslary işlenilip düzülýär we iş tejribesine ornaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiz: “Agzybir halkymyz, şol sanda mähriban ýaşlarymyz hem ýurdumyzyň syýasy durnuklylygyny, okgunly öňe gitmegini, ähli pudaklaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmäge mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Orta we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan, ylym hem-de hünär öwrenýän, senagatda, oba hojalygynda, ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda joşgunly zähmet çekyän merdana ýaşlarymyz, ata Watanymyzyň goragynda durýan gerçeklerimiz biziň bu beyik maksadymyzyň töweregine mäkäm jebisleşýär” diýip belleýär. Türkmenistan ýaş nesillere aýratyn üns berilýän ýurt hökmünde tanalýar. Häzirki döwürde, ýagny Garaşsyzlyk ýyllarynda ýaşlaryň taze nesli kemala gelendir. Garaşsyzlyk döwrüniň täze nesline - häzirki zamanyň yaşlaryna döwletimiz tarapyndan uly üns-alada bilen garalýar. Munuň bilen baglanyşyklylykda, bilim ulgamynda gazanylanlaryň ykdysady bähbitlere gönükdirilmegi döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrülýär we “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 - 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy” hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 - 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy” esasynda alnyp barylýar. Täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen, ýurdumyzy hemme taraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen döwlet resminamalarynda kesgitlenilişi ýaly, beýleki ugurlar bilen bir hatarda, mekdebe çenli we umumy bilim edaralarynda, başlangyç, orta we ýokary hünär okuw mekdeplerinde täze tehniki serişdeleri, okuw-usuly enjamlary ornaşdyrmak wezipeleri üstünlikli çözülýär. Mugallymlaryň okadyş usullaryny kämilleşdirmek, täze usuly tärleri gözlemek, olary iş tejribesine ornaşdyrmak, bu ugurlarda dünyä tejribesini peydalanmak, hünärmen taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak, hünär kämilleşdirmek ýaly işlere täze badalga berildi. Türkmenistanda döwrebap umumybilim, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerini gurmak, iň täze okuw usullaryny, maglumat tehnologiyalaryny bilim ojaklaryna ornaşdyrmak, jemgyýetimiziň aň-bilim derejesini hem-de döredijilik işjeňligini ýokarlandyrmak babatda alnyp barylýan özgertmeleriň netijeliligi artýar.