Daşary ýurt dillerini öwretmegiň käbir usuly  aýratynlyklary

Daşary ýurt dillerini öwretmegiň käbir usuly aýratynlyklary

Häzirki wagtda ýurdumyzda ýaş nesilleriň bilim derejesini has-da kämilleşdirmek, olary häzirki zaman bilimlerinden, ösen tehnologiýalardan baş çykarýan kämil hünärmenler edip ýetişdirmek ugrunda uly işler alnyp barylýar. Şol işlere ýaşlarymyza dünýä dillerini öwretmek bilen baglanyşykly edilýän tagallalary mysal getirmek bolar. Daşary ýurt dili öwrenilende, başga bir ýurduň, halkyň taryhy, medeniýeti, milli häsiýetleri we däp-dessurlary bilen tanyşmaly bolýar, çünki şu işde diňe diliň içki gurluşyny öwrenmek bilen çäklenmek bolmaýar. Daşary ýurt diliniň sözleýiş endiklerine doly eýe bolsaň-da, öwrenilýän dilde gepleýän halkyň medeniýetini, taryhyny bilmek zerurlygy ýüze çykýar.