Talyplar bilen geçirilýän türgenleşik taýýarlygynyň ylmy-usuly esaslary
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe adam maýasynyň kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, sagdynlyk, ruhubelentlik we sport babatda sebit we umumadamzat bähbitli beýik işler üstünlikli amala aşyrylýar. Ynsan saglygyny berkitmekde welosportuň ähmiýetli ornuna ýokary baha berlip, onuň saglyga oňyn täsiri ýüze çykarylýar, ony halkyň bähbidine ulanmaga bolan üns güýçlenýär. Şunuň bilen baglanyşyklylykda, sport ugurly talyplara welosport boýunça okuw maksatnamasyna laýyk bilim bermek meselesi esasy orunlaryň birini eýeleýär. Bu ýerden türgenleşik taýýarlygynyň ylmy-usuly esaslaryny beýan etmek zerurlygy ýüze çykýar.