
Uzak aralykdan okatmakda özbaşdak işi guramagyň aýratynlyklar
Milli bilim ulgamynyň düzüm birliklerinde “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenler, professor-mugallymlar, şeýle-de, talyp ýaşlar sanly bilim ulgamynyň tor programma üpjünçiligine eýe boldular, onuň binýadynda sanly bilim portaly döredilip, herekete girizildi.