
Okuwçylara sinonimleri öwretmegiň usulyýeti
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ylym, bilim, saglygy goraýyş, ekologiýa we jemgyýetçilik durmuşynyň beýleki ugurlarynda amala aşyrylýan köptaraply özgertmeleriň üstünlikleri türkmen halkynyň milli, ruhy we maddy gymmatlyklaryna aýawly garamak bilen, häzirki zamanyň innowasion tehnologiýalaryny jemgyýetçilik ulgamlaryna giňden ornaşdyrmagyň sazlaşykly alnyp barylýandygy bilen häsiýetlendirilýär. Dürli ugurlarda zähmet çekýän hünärmenler bilen bir hatarda, demokratik mazmunly, milli ülňüde ösdürilýän bilim ulgamynyň işiniň mazmun we gurluş taýdan okgunly özgerdilmeginde merkezi orunda durýan mugallymçylyk işine aýratyn üns berilýär.