
Umumybilim berýän mekdeplerdäki bedenterbiýe sapaklarynda lukmançylyk-pedagogik usullardan peýdalanmak
Hormatly Arkadagymyzyň atalyk aladalary bilen sportuň we sagaldyş hereketleriniň ýaýbaňlandyrylmagy okuwçylaryň beden we ruhy taýdan sagdyn ösüp ýetişmekleri üçin bahasyna ýetip bolmajak mümkinçilikdir. Belent ruh we ynam sportuň hem-de sagdynlygyň gözbaşydyr. Diňe sagdyn jemgyýetde medeniýet, bilim, ylym ýaly ulgamlar rowaçlanýar. Bu barada Gahryman Arkadagymyz örän parasatly pikirleri öňe sürýär (Gurbanguly Berdmuhamedow. Türkmenistan - sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy. - Aşgabat: TDNG, 2012.).