
Türkmen dilinde sözleýşiň manyly böleklere bölünişi
Türkmen dilini öwrenmek, onuň jemgyýetçilik hyzmatyny artdyrmak Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ileri tutýan ugurlarynyň biridir. Makalamyzda sözleýiş pursadynda aýdylýan ýa aýdyljak bolunýan pikiri dogry aňlatmakda sözleýiş akymynyň manyly böleklere (sintagmalara) bölünişi we onuň dilüsti aragatnaşyk üçin ähmiýeti barada gysgarak durup geçmegi göz öňünde tutýarys. Makalada sözleýşiň manyly böleklere bölünişi, oňa gatnaşýan fonetik, grammatik serişdeler, bular dogrusynda ýöredilen ylmy garaýyşlar beýan edilýär. Olar türkmen diliniň materiallary esasynda düşündirilýär.