Halkara hukuk dersini okatmagyň adaty we innowasion usullary
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň halkara abraýy barha artýar. Türkmenistan daşary ýurtlar we halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlygy amala aşyrýar, ynsanperwerlik, hoşniýetli goňşuçylyk, agzybirlik we parahatçylyk ýörelgelerine eýerip, olary dünýä döwletleri bilen gatnaşyklarynda hem berjaý edýär. Halkara hukugyň kadalaryna esaslanýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletiniň jahanyň parahatçylygynyň goraglylygyna we ählumumy howpsuzlygynyň üpjünçiligine gönükdirilen halkara başlangyçlary dünýäniň syýasy giňişliginde parahatçylyksöýüji halklar we döwletler tarapyndan uly goldawa eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, ýokary bilim ulgamynda ýaşlara dünýä ölçeglerine laýyk bilim we terbiýe bermek, döwlet syýasatyna, jemgyýetçilik talaplaryna jogapkärçilikli garaýan halkara hukuk ugrundan döwrebap hünärmenleri ýetişdirmek boýunça işler kämilleşdirilýär, bu babatda tejribe toplanylýar. Gahryman Arkadagymyz: “Täze nesillerde taryhy, ruhy we medeni gymmatlyklaryň esasynda durnukly-ahlak häsiýetlerini terbiýelemek medeni ösüşiň üstünlikli bolmagyny üpjün etmäge, özboluşly mirasy we halklaryň mertebesini gorap saklamaga we hyzmatdaşlyk etmegiň köp ugurlarynda kynçylykly ýagdaýlary aradan aýyrmaga mümkinçilik berer” diýip, halkara gatnaşyklary ulgamyna milli ruhy-ahlak düşünjeleriniň sazlaşykly goşulmagynyň häzirki döwürde derwaýys wezipe bolup durýandygyny belleýär.