Ýokary sport derejeli türgenleri taýýarlamagyň ylmy-nazary esaslary
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda sanly bilim, sport ulgamlaryny sazlaşykly ösdürmek, bu ugurlarda, halkymyzyň taryhy ýörelgesine hem-de dünýäniň ösen döwletleriniň tejribesine daýanmak bilen, ýokary üstünlikleri gazanmak hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Sport, bilim ulgamlarynda ýokary ösüşleriň gazanylmagynda dünýä döwletleriniň ençemesi bilen ýola goýlan işjeň hyzmatdaşlyk aýratyn ähmiýete eýedir. Ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän halkara ylmy-amaly maslahatlar, simpoziumlar, giň gerimli sport çäreleri özara bähbitli hyzmatdaşlyklaryň miweleridir. Gahryman Arkadagymyzyň dünýä halklary bilen parahatçylyk, dost-doganlyk esasynda hoşniýetli, ynsanperwer gatnaşyklary ýola goýmak syýasaty şeýle hyzmatdaşlygyň baş ýörelgesidir.