Pikir ýöretmede jemlenilme we birleşdirilme

Pikir ýöretmede jemlenilme we birleşdirilme

Adatça, pikirdir keşbiň paýhasa getirilmegi olaryň aňlanylmagy hasaplanylýar. Bir ýa-da beýleki mazmunyň paýhasda döredilýän durkunyň göz öňüne getirilmegi aňlanylanlygyň aýdyňlygy bilen gatyşdyrylýar, ýöne düşünjeleriň, dürli öwüşginli keşpleriň diňe bir paýhasda däl, hatda dilüsti sözleýişde gaýtadan dikeldilmegi hem entek olaryň aňlanylanlygyny kepillendirmeýär. Garaýyşlaryň başga bir bölegi aňlanylanlygy degişli mazmunyň jemlenilenligi bilen baglanyşdyrýar. Jemlenilenlik aňlanylmanyň ulgam dörediji esasy bolýan-da bolsa, onuň islendik görnüşi obýekte hakyky aň etmegi üpjün etmeýär. Meselem, N.Ahyň, L.S.Wygotskiniň düşünjäniň döreýşini nusgalaşdyrýan tejribe-synaglarynda çaga üç ölçegli geometrik şekilleri bir düşünjede jemleýän hem bolsa, ol hakyky aňlanylanlyga esaslanýan jemlenilme däldir. Çaga üç ölçegli şekiliň geometrik gurluş hökmünde düýpli häsiýetlerini ýüze çykarman, ýagny üçburçlugyň ideýasyny bilmezden, ony daşky aýdyň-keşp alamatlary boýunça çalymdaş şekiller bilen birleşdirýär. Başgaça aýdylanda, bu ýumşa pikirlenmäniň jemlenilme däl-de, birleşdirilme tejribesi boýunça amal edýär.