Pedagogik işgärleriň awgust maslahatlary we  usuly-amaly okuwlary

Pedagogik işgärleriň awgust maslahatlary we usuly-amaly okuwlary

Türkmenistanyň bilim işgärleriniň awgust maslahatlary we usuly-amaly okuwlary milli bilim ulgamynyň taryhynda täze giňişliklere aralaşmagyň, bilimiň ylmy-usulyýet ulgamyny belentliklere götermegiň özboluşly mekdebi bolup durmuşymyza mäkäm ornaşdy. Mekdeplerimiz häzirki zaman innowasion tehnologiýalary, öňdebaryjy iş tejribelerini, sanly gurşawyň serişdelerini ulanmak, uzak aralykdan okuwlary guramak, ders we taslama bäsleşiklerini geçirmek bilen, ýaşlara berilýän bilimiň hil derejesini ýokarlandyrýarlar, düýpli özgertmeleri üstünlikli dowam etdirýärler, oňat netijeleri gazanýarlar.