GEOGRAFIÝA DERSINI OKATMAKDA KARTALARY ULANMAGYŇ  USULYÝETI

GEOGRAFIÝA DERSINI OKATMAKDA KARTALARY ULANMAGYŇ USULYÝETI

Hormatly Arkadagymyzyň : “Ýaşlarymyzyň ýokary derejede bilim almagy, saýlan hünäriniň eýesi bolmagyna ýardam bermek, olary ylma-bilime höweslendirmek, halallyk, agzybirlik, ýokary watançylyk ruhunda terbiýelemek barasyndaky alada ýurdumyzda alnyp barylýan ähli özgertmeleriň özenidir” diýen parasatly sözlerinden ugur alyp, ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ylym, döredijilik bilen meşgullanmaklary üçin ähli şertler döredildi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak üçin, ilkinji nobatda, döwletimizde terbiýeli, bilimli, döredijilige höwesli, beden hem-de ruhy taýdan sagdyn ýaşlary ösdürip ýetişdirmegiň wajypdygyny yzygiderli belleýär. Öňde goýlan maksatdan ugur alyp, şu işleri beijaý etmek geografiýa mugallymlarynyň hem paýyna düşýär.