
RUS DILINI INTENSIW OKATMAK USULYNDAN PEÝDALANMAK
Dünýä bilim beriş giňişliginde ХХ asyryň ahyrynda - XXI asyryň başlarynda ýüze çykan öwrülişikler Türkmenistanyň bilim ulgamyndan hem sowlup geçmedi. Dünýä kartasynda täze döwletleriň döremegi bilen daşary ýurt dillerini has giň, has çuň öwrenmäge talaby güýçlendirdi. Täze dörän döwletleriň hatarynda Türkmenistan hem öz ornuny tapdy. Ýurdumyzda daşary ýurt dillerini, şol sanda rus dilini hem öwrenmegiň maksady üýtgedi: öň rus dili milletara gatnaşyklar dili bolan bolsa, indi ol halkara gatnaşyklar dili hökmünde öwrenilip başlandy. Bu gün dil bilmek diňe bir ýokary sowatlylygyň görkezijisi däl-de, eýsem ýaşaýyş zerurlygydyr. Dünýäde ýüze çykan wakalar, ýurduň içindäki bolup geçen özgerişlikler, dörän durmuş- ykdysady ýagdaý daşary ýurt dillerine uly isleg döretdi.