
INŽENERÇILIK HÜNÄRLERINDE GYZYKLY ÇYZGY ÝUMUŞLARYNY ÖWRENMEGIŇ ÄHMIÝETI
Häzirki zaman ylmynyň we tehnologiýasynyň ösüşinde inženerçilik bilimleri möhüm orny eýeleýär. Talyplaryň pikirlenmelerini ösdürmek, tehniki çyzgylary dogry okamak, dürli maksatly we gurluşly enjamlary hem-de gurallary taslamak, olaryň iş çyzgylaryny ýerine ýetimek başarnyklaryny kemala getirmek meseleleri inženerçilik hünärinde esasy wezipedir. Talyplaryň çyzgy giňişliginden baş alyp çykyp bilmegi olaryň bilim derejeleriniň ýokarlanmagyna ýardam berýär. Giňişlik, talybyň obýektiň şekilini göz öňüne getirmegi, onuň giňişlikde ýerleşiş ýagdaýyny seljerip bilmeginiň proýeksion çyzgylary çyzmakda oňat netijeleri görkezýändigi tejribeden mälimdir. Şunuň bilen baglanyşykly okuw meýilnamasy boýunça guralýan sapaklardan daşary özbaşdak taýýarlyk sapaklarynda harby talyplara gyzykly çyzgylar hakynda maglumatlar bermek bilen, olara seljerme geçirmegi we pikir ýöretmegi öwretmek özüniň oňat netijesini berýär.