
TÜRKMEN WE HINDI DILLERINDE ATÇYLYGA DEGIŞLI LEKSIK BIRLIKLERIŇ LEKSIKA-SEMANTIK DERŇEWI
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzyň bilim ulgamynyň işi dünýä ülňüleriniň derejesinde ýola goýulýar, onuň maddy we kanunçylyk binýady berkidilýär. Bilim ulgamyny çalt depginler bilen ösdürmek, innowasion tehnologiýalary okuw işine ornaşdyrmak bilen, döwrebap düşünjeli, beden taýdan berk, ruhubelent, ahlak taýdan arassa, giň gözýetimli nesli terbiýeläp ýetişdirmek meselesini bilim işgärleriniň öňünde wezipe edip goýdy. Häzirki döwürde ökde, başaijaň hünärmenleri taýýarlamak işi yzygiderli we üznüksiz dowam etdirilýär. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halk hojalygyna zerur bolan täze hünärler açylýar.