GURBANNAZAR EZIZOWYŇ GOŞGULARYNDA MATEMATIKI  BILIMLERIŇ BEÝANY

GURBANNAZAR EZIZOWYŇ GOŞGULARYNDA MATEMATIKI BILIMLERIŇ BEÝANY

 Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow: “Geçen asyryň ussat türkmen şahyry Gurbannazar Ezizowyň goşgusynda: “Bir özüň däl, goňşyň hakda pikir et!” diýen ajaýyp setirler bar” diýip, şahyryň döredijiligine aýratyn ünsümizi çekýär. Paýtagtymyzyň iň görnükli ýerleriniň biri - “Ylham” seýilgähi, Tehnologiýalar merkezi we birnäçe beýleki ylym- bilim we döredijilik ähmiýetli desgalar hem şony subut edýär. Irki döwrüň akyldarlary bilen birlikde “Ylham” seýilgähinde XX asyryň görnükli şahsyýetleri, şol sanda zehinli şahyr Gurbannazar Ezizowyň ýadygärlik heýkeli hem bar. Gahryman Arkadagymyzyň döredijilik äleminde görnükli yz galdyran şahsyýetlerimiziň sarpasyny belent tutmagy hem edebiýatyň bilim berijilik ähmiýetine bolan ajaýyp garaýyşlaryny hem aňladýar. Hormatly Arkadagymyz: “Magtymguly, Nury Halmämmedow, Gurbannazar Ezizow dünýäniň ruhy mirasynda halkymyz üçin uly ýadygärlik galdyrdylar. Zehini görmek täze bir dünýäni gören ýalydyr. Biz zehinlere bolan sarpamyz bilen beýgelýäris” (Gurbanguly Berdimuhamedow. Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy. - Aşgabat: TDNG, 2016. 335 s.) diýip, edebiýatymyzyň we sungatymyzyň ösmegine saldamly goşant goşan ussatlarymyzyň mertebesini has belende galdyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň many bossany bolup owsunýan ajaýyp sözleri türkmen şygryýetiniň ussatlarynyň dünýäsine bizi täzeden ýakynlaşdyrýar. Şonda düşünjeler we manylar doly ýetirilende, mazmun aýdyňlaşyp, täsinlikler dünýäsi täzeden açylýar.