GEÇILENLERI GAÝTALAMAGYŇ NETIJELI USULLARY

GEÇILENLERI GAÝTALAMAGYŇ NETIJELI USULLARY

Geçilenleri gaýtalamagy netijeli guramak arkaly okuwçylara çuňňur bilim bermek mugallymyň öňünde durýan möhüm wezipedir. Biri-biri bilen baglanyşykly meseleler arkaly geçilenleri gaýtalamak bu wezipä amal etmegiň netijeli usullarynyň biridir Geçilenleri şeýle gaýtalamak okuwçylaryň ýol berip biläýjek ýalňyşlarynyň öňüni almaga-da ýardam edýär. Mysal hökmünde, planimetriýa kursy öwrenilenden soňra, biri-biri bilen baglanyşykly meseleler arkaly üçburçluk barada öwrenilen maglumatlaryň köpüsini özara utgaşykly meseleleriň kömegi bilen gaýtalamaga seredeliň.