
TÜRKMENISTANYŇ YLYM-BILIM DIPLOMATIÝASYNYŇ TARYHY KÖKLERI
Hormatly Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny giň gerimde ösdürmek babatdaky tagallalary ýurdumyzyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolan ylym-bilim diplomatiýasynyň emele gelmegine we ösmegine getirdi. Şoňa görä-de, häzirki wagtda Garaşsyz döwletimiziň kuwwatyny has-da artdyrýan ylym we bilim ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykarmaga gönükdirilen özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär.