
PARAHATÇYLYGY, DOSTLUGY, DURNUKLY ÖSÜŞI DABARALANDYRÝAN ESER
Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Abadançylygyň röwşen gadamlary” atly kitaby “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýlip yglan edilen 2022-nji ýylyň başynda merdana halkymyza ajaýyp sowgat boldy. Eserde hemişelik Bitaraplygymyzyň milli kökleri, taryhy ähmiýeti, ýurtlary we halklary birleşdirýän umumadamzat gymmatlyklary, parahatçylyk taglymaty, Gahryman Arkadagymyzyň sözlän sözleri, çykyşlary beýan edilýär. Kitapda ylmy, filosofik, halkara hukugy nukdaýnazardan täze maglumatlar giň orun alypdyr. Eser ösüp gelýän nesillerimiz, ýaşlar üçin iňňän ähmiýetlidir, çünki ynsan ýaşaýşynyň dürli ugurlary, adamzadyň röwşen geljegine hyzmat etjek parasatly pikirler kitabyň sahypalarynda ör-boýuna galýar. Bu bolsa ajaýyp eseriň terbiýeçilik gorunyň ýokarydygyny görkezýär.