TÜRGEN TAÝÝARLYGYNYŇ ORTA WE BEÝIK DAG ŞERTLERINDE  GEÇIRILIŞI

TÜRGEN TAÝÝARLYGYNYŇ ORTA WE BEÝIK DAG ŞERTLERINDE GEÇIRILIŞI

 Gahryman Arkadagymyzyň içeri syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolan “Saglyk” Döwlet maksatnamasy keselleriň öňüni almaga gönükdirilenligi bilen, indi uzak ýyllaryň dowamynda halkyň goragynda örän uly hyzmatlary bitirýär Döwlet derejesindäki geçirilýän çäreleriň ählisi adamlaryň saglygyny berkitmäge, ömürlerini uzaltmaga gönükdirilendir. Raýatlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, şypahanalar ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, agyz suwunyň, dem alýan howamyzyň arassalygyny saklamak barada uzakmöhletleýin maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Azyk bolçulygyny döretmek, duzuň ýodlaşdyrylmagy, unuň demir bilen rençlendirilmegi, şular bilen bir hatarda, bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegi ilatyň saglygynyň goragynda amal edilýän işlere şaýatlyk edýär.