
IŇLIS DILINDE ÝAZUW ENDIKLERINI ÖWRETMEGIŇ NETIJELI USULLARY
Berkarar döwletimizde biri-birinden zyýada gelýän her gün bize ajaýyp pursatlary bagyşlaýar. Şol wakalaryň biziň üçin has möhümi Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkyna peşgeş berýän ajaýyp kitaplarydyr. Şolaryň biri-de hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan kemal tapan “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabydyr. Halkymyzyň milli ýörelgelerini, däp-dessurlaryny açyp görkezýän bu kitap döwletimiziň Berkararlygyny, Watanymyzyň abadançylygyny üpjün etmekde, nesilleri halkymyzyň ruhy, edebi we ahlak gymmatlyklary esasynda terbiýelemekde iň ygtybarly, elýeterli çeşmedir. Mähriban Prezidentimiz halkymyzyň döreden milli gymmatlyklaryna, asylly ýörelgelerine, asyrlaryň dowamynda bitiren işlerine uly hormat goýýar. Milli gymmatlyklarymyzy baýlaşdyrmak, geljekki nesillere ýetirmek üçin uly işleri alyp barýar.