
GYZDYRYLAN HOWANYŇ TEMPERATURASYNYŇ ÜÝTGEÝIŞ MESELESINIŇ PROGRAMMALAŞDYRYLYP ÇÖZÜLIŞI
Berkarardöwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan il-ýurt bähbitli işleri, milli ykdysadyýetimiziň beýleki ugurlary bilen bir hatarda, bilim pudagyny döwrebaplaşdyryp, halkara ölçeglerine laýyk getirmäge esas döretdi. Ýurduň we milletiň geljegi bolan ýaş nesil hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň aladalary bilen ýaş nesliň ösen döwrüň talaplaryna laýyk derejede bilimli, pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin netijeli işler durmuşa geçirilýär.