DÜŞÜNJE, TAGLYMATYŇ WE OLARYŇ BELGILEÝÄN GURLUŞYNYŇ  AŇLANYLYŞY

DÜŞÜNJE, TAGLYMATYŇ WE OLARYŇ BELGILEÝÄN GURLUŞYNYŇ AŇLANYLYŞY

Pikirlenmäniň psihologik derňewiniň eksperimental derejede öwrenilip başlanmagy bilen, onuň netijesi hökmünde döreýän düşünj eleriň, bir tarapdan, durmuşy we ylmy derejeleriniň esas- landyrylmagy, ikinjiden, bu düşünjelerde söz-düşünjäniň özüniň hem-de olaryň belgileýän zadynyň aňlanylyp bilinmegi mesele hökmünde öňe çykýar. Meşhur psihologlar Ž.Piaže we L.S.Wygotskiý öz barlaglarynda durmuşy düşünjelerde ýeke-täk diýen ýaly zatdyr hadysalarynyň aňlanýandygyny, ylmy düşünjelerde bolsa (okatmak boýunça döredilýän) esasan, olary belgi- leýän söz-düşünjeleriň aňlanylýandygyny belläpdirler.