HYTAÝ DILINI ÖWRETMEGIŇ USULYÝET AÝRATYNLYGY

HYTAÝ DILINI ÖWRETMEGIŇ USULYÝET AÝRATYNLYGY

Hytaý dili hytaý-tibet diller maşgalasyna degişli bolup, dünýäniň iň gadymy dilleriniň biri hasaplanylýar. Bu dil Birleşen Milletler Guramasynyň iş dilleriniň hem biridir. Ol Hytaý Halk Respublikasynyň döwlet dilidir. Hytaý dili han halkynyň (Hytaýyň umumy ilatynyň 94%-ini tutýar) gepleşik dilidir. Bu dil 7 sany sebitleýin dialekte bölünýär.