
INNOWASION YKDYSADYÝETDE SANLY BILIMIŇ ORNY
Geçen iki asyryň dowamyndaky tehnologik aňyň ösüşini dünýäniň ykdysady we durmuş taryhynyň dinamiki düzüm böleginiň has wajyplarynyň biri hasaplamak bolar. XXI asyra senagatlaşan jemgyýete geçiş asyry hökmünde garalýar. Senagatlaşan jemgyýetde bolsa ykdysadyýet bilime esaslanýandygy bilen häsiýetlendirilýär. Bilim jemgyýetiň we şahsyýetiň esasy artykmaçlygy hökmünde kemala gelýär. (Богословский В.И, Глубокова Е.Н. Управление знаниями в образовательном процессе современного университета: научно-методические материалы. - Санкт-Петербург, 2008.)