EKOLOGIK BILIM WE HUKUK MEDENIÝETI

EKOLOGIK BILIM WE HUKUK MEDENIÝETI

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda milli Liderimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgesi bilen ýurt ähmiýetli beýik işler amala aşyrylýar. Ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, ylym-bilim pudagynda-da belent sepgitlere ýetilýär. Diýarymyzda durmuşa geçirilýän tutumly işleriň gözbaşynda ylym-bilimiň goýulmagy, ulgama dünýäniň täze gazananlarynyň ornaşdyrylmagy ösüp gelýän ýaş nesle kämil bilim bermäge oňaýly täsirini ýetirýär. Güneşli ýurdumyzda ýaş nesliň ylymly-bilimli, asylly terbiýeli, giň dünýä- garaýyşly bolup ýetişmekleri, ösen tehnologiýalardan baş çykarmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Okuw mekdeplerinde öňdebaryjy iş tejribeleriniň, multimedia serişdeleriniň, sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagy ýaşlaryň aň-düşünjesini, dünýägaraýşyny ýokarlandyrýar. Ýurdumyzda halkara ylmy-amaly maslahatlaryň, sergileriň yzygiderli geçirilmegi ylmy ösdürmäge, dünýä döwletleri bilen tejribe alyşmaga ýardam berýär.