SYÝASY-YKDYSADY ÖSÜŞLER BILEN DÜNÝÄ GIŇIŞLIGINDE BARHA BERKIDÝÄR

SYÝASY-YKDYSADY ÖSÜŞLER BILEN DÜNÝÄ GIŇIŞLIGINDE BARHA BERKIDÝÄR

2021-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Türkiýäniň döwlet teleradiokompaniýasynyň “TRT World” teleýaýlymynyň baş redaktory Ýusuf Erirniň sowallaryna jogap berdi. Söhbetdeşligiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy we halkara hyzmatdaşlyk barada: “Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň dekabryndaky Kararnamasy bilen dünýäniň 185 ýurdy tarapyndan biragyzdan ykrar edilen we Baş Assambleýanyň 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Kararnamasy bilen ikinji gezek tassyklanan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgesi bolup durýar. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 12-nji dekabryň “Halkara Bitaraplyk güni” diýlip yglan edilmegi bolsa ýurdumyzyň alyp barýan oňyn Bitaraplyk syýasatynyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge goşan uly goşandynyň ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr” diýip belledi. Sowallara jogaplaryň beýanatynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: “Geçen asyryň ahyrynda türkmen döwletiniň emele geliş döwründe Türkiýäniň Türkmenistana beren goldawyny biz hiç wagt ýatdan çykarmarys. Türkiýe dünýä ýurtlarynyň arasynda ilkinji bolup biziň Garaşsyzlygymyzy ykrar etdi, Aşgabatda özüniň diplomatik wekilhanasyny açdy” diýip belleýär.