NEMES DILI SAPAKLARYNDA OKAÝŞY ÖWRETMEGIŇ AÝRATYNLYKLARY

NEMES DILI SAPAKLARYNDA OKAÝŞY ÖWRETMEGIŇ AÝRATYNLYKLARY

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzyň bilim ulgamynda bolup geçýän özgertmeleriň esasy maksady Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesle berilýän bilimiň we terbiýäniň hilini dünýä derejesine ýetirmekden ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň bilim ulgamyny mundan beýläk hem kämilleşdirmek maksady bilen “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny” we “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny” tassyklamagy munuň aýdyň mysallarydyr. Ýurdumyzyň dil syýasatynda, ene dilimiz bilen bir hatarda, daşary ýurt dilleri bolan iňlis, nemes hem-de beýleki dillere uly orun berilýär.