
ORTA MEKDEPDE ÝAŞAÝYŞ-DURMUŞ WE TEBIGAT HADYSALARY BILEN BAGLANYŞYKLY FIZIKI MESELELERI ÖWRETMEK
Umumy orta bilim berýän mekdebi tamamlaýan okuwçylara çuňňur bilim bermek, şeýle hem olarda amaly başarnyklary, ýagny alan bilimlerini durmuşda, önümçilikde ulanyp bilmek başarnyklaryny kemala getirmek möhüm wezipelerdir. Bu wezipeleri amal etmekde mugallymlaryň döredijilikli işine uly orun degişlidir. Bu babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: “Bilim reformasynyň üstünlikli dowam etdirilmeginde, adamzadyň, halklaryň hatyrasyna amala aşyrýan beýik maksatlarymyzyň durmuşa geçirilmeginde mugallymlaryň döredijilikli zähmetiniň orny örän uludyr” diýip nygtaýar.