TEBIGY YLMY UGURLY SYNPLARDA WE MEKDEPLERDE ADALGALAR BILEN IŞLEMEGIŇ USULLARY

TEBIGY YLMY UGURLY SYNPLARDA WE MEKDEPLERDE ADALGALAR BILEN IŞLEMEGIŇ USULLARY

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2020-nji ýylyň 4-nji dekabrynda çykaran Karary bilen “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” kabul edildi. Oňa laýyklykda, mugallymlardan okuwçylaryň bilesigelijiliklerini, işjeňligini, bilime, ylmy döredijilige bolan höwesini, özbaşdak işläp, pikirlenip, ýerine ýetiren işlerinden netije çykaryp, alan bilimlerini durmuşda ulanyp bilmek başarnyklaryny we endiklerini ösdürmek, innowasion tehnologi ýalardan peýdalanyp okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak we hilini ýokarlandyrmak, dersara baglanyşyklary ýola goýmak talap edilýär. Şu talaplary berjaý etmekde umumybilim berýän mekdepleriň VI-XII synplarynda öwrenilýän biologiýa dersiniň aýratyn orny bar. Biologiýa adalgalar ulgamy bilen beýleki derslerden tapawutlanýar. Munuň üçin, ilkinji nobatda, mugallym okuwçylaryna “adalga” sözüniň manysyny düşündirmelidir.