IŇLIS DILINDÄKI IDIOMALARYŇ PRAGMATIKASY

IŇLIS DILINDÄKI IDIOMALARYŇ PRAGMATIKASY

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda daşary ýurtlar bilen hoşniýetli gatnaşyklar günsaýyn ösýär. Dünýä döwletleri bilen gatnaşyklary has-da ösdürmekde daşary ýurt dillerini kämil bilmek aýratyn ähmiýete eýedir. Ýurdumyzyň bilim ulgamynda dünýäde iň köp ulanylýan dilleriň biri bolan iňlis dilini öwrenmek, ony öwretmegiň ylmy-usuly esaslaryny kesgitlemek babatda uly işler alnyp barylýar.