
TAHYRYLAR DÖWRÜNDE YLYM-BILIMIŇ ÖSÜŞI
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedow alymlara türkmen halkynyň baý taryhyny ylmy esasda öwrenmegi hemişe ündäp gelýär. Şonuň bilen bir hatarda, türkmen şahsyýetlerini, ylaýta-da, dünýä ylmyna öz goşandyny goşan türkmen akyldarlarynyň, alymlarynyň ömrüni we döredijiligini, olaryň ylmy işlerini öwrenip, olary ylmy dolanyşyga salmagyň zerurdygyny belleýär, öz kitaplarynda hem bu alymlar barada maglumatlary beýan edýär.