
YLMY ADALGALAR: TARYH WE TEJRIBE
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dilimiziň baýlyklaryny hemişe aýawly saklap, nesilden-nesle geçirmegi esasy wezipeleriň biri hasaplap: “... türkmen dili söz düzüminde işjeňleşip, many gerimi giňän sözlere juda baý. Halkyň söz mülki - hiç mizemejek ýörelgeleriň, düşünjeleriň ummasyz mülki. Ol ýerden islendik ylma degişli gözbaşlary tapyp bolýar” [1, 252 s.] diýip belleýär. Alym Arkadagymyz döwletimizde bu ugurdaky ylmy barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin, esasan, milli aýratynlyklarymyzyň göz öňünde tutulmalydygyny nygtaýar we olara ünsi çekýär.